Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden türgenleri gutlady

04:3403.08.2022
0
6409

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan — Moskwa şäherleriniň aralygynda geçirilen awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş eden Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy bolar.

Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlere gutlag iberdi. Gutlag «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

— Russiýa Federasiýasynyň Astrahan — Moskwa şäherleriniň aralygynda geçirilen awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini tüýs ýürekden gutlaýaryn — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Serdar Berdimuhamedow ýurduň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi türgenleriň dürli sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegini, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyny şertlendirýär diýip nygtady. Şeýle hem, Türkmenistanda dürli görnüşdäki sport ýaryşlary ýokary derejede we üstünlikli geçirýär diýip, Aşgabatda 2017-nji ýylyň 17 — 27-nji sentýabry aralygynda «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk» şygary astynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda «Amul — Hazar» halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty barada aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa oýunlarynda gazanylan ilkinji medal barada hem durup geçdi.

— 2021-nji ýylda ýurdumyzyň sportunyň taryhynda täze üstünlikli sahypalar açyldy. Ýaponiýada geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça türgen gyzymyzyň gazanan kümüş medaly Türkmenistanyň sport ussatlarynyň öňünde gazanyp bolmajak üstünligiň ýokdugyny subut etdi — diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň