Ýarym goragçy Amir Gurbany futbol ýoluny «Aşgabat» toparynda dowam edýär. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ozalky ýarym goragçysy paýtagtyň adybir toparyna erkin oýunçy hökmünde geldi. Ol täze möwsümiň 1-nji tapgyrynda «Şagadama» garşy meýdana hem çykdy.
Amir Gurbany 2020-nji ýyldan bäri «Ahalyň» düzüminde futbol oýnaýardy.
34 ýaşly futbolçy ozal HTTU, «Balkan», «Altyn asyr», «Şagadam» toparlarynda hem çykyş etdi. 2013-nji ýylda «Balkan» bilen AFK-nyň prezidentiniň kubogyna hem mynasyp bolan Amir Gurbany şol ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi.
Amir Gurbanynyň dürli ýyllarda Maldiwleriň «Nýu-Radiant», Gyrgyzystanyň «Dordoý» we Kambojanyň «Nagaworld» toparlarynda hem futbol oýnandygyny ýatladýarys.
Amir Gurbany 2011 ― 2019-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynda hem alty duşuşyk geçirdi. Ýurduň Olimpiýa ýygyndysynyň hatarynda bolsa 2010-njy ýylda Guançžou şäherinde geçirilen Aziýa oýunlaryna gatnaşdy.