Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gelejege rowan» hususy kärhanasy öz öndürýän önümlerini eksport etmek boýunça özbek işewürleri bilen geleşik baglaşdy.
Kärhananyň wekilleri bu babatda 13 — 15-nji iýunda Özbegistanyň Buhara we Daşkent şäherlerinde bolan iş saparlarynyň çäginde ylalaşdylar diýip, TSTB habar berdi.
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda ýerleşýän «Gelejege rowan» 2020-nji ýylda egin-eşik asgyçlarynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu ýerde Türkiýäniň, Hytaýyň kämil tehnikalarydyr öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyryldy. Kärhana doly güýjünde işledilende, onuň kuwwatlylygy bir günde 1500 sany geýim asgyç öndürmäge barabardyr. Önümçilik üçin gerek bolan polipropilen çig maly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar.
«Görogly plastik» haryt nyşany bilen öndürilýän geýim asgyçlaryň dürli reňkleri, görnüşleri bolup, olaryň ininiň uzynlygy 43 santimetre deňdir. Kärhananyň önümleriniň ýokary hilli bolmagy harytlaryň diňe bir içerki bazarda ýerlenilmän, eýsem, halkara bazara çykarylmagynda hem uly ähmiýeti bar. Bu önümler ýakyn geljekde Azerbaýjana eksport edilmegine garaşylýar.