Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejilere garşy hereket etmek ulgamy kämilleşdirilýär

15:5930.07.2022
0
26205

Hökümetiň düýn geçirilen mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow Prezident Serdar Berdimuhamedowa jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda bu ugurda işleri ulgamlaýyn alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda utgaşdyryjy pudagara iş topary hereket edýär. 2021-nji ýylda bu ugurda Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bilen baglylykda hem-de ýurdumyzyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli utgaşdyryjy pudagara topary döretmek teklip edilýär. Taýýarlanylan Kararyň taslamasyna laýyklykda, onuň düzümine birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary giriziler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, toparyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Onuň işi jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna hem-de terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek babatda milli ulgamyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidir. Şu maksat bilen, halkara derejede, şeýle-de abraýly ugurdaş halkara guramalar bilen utgaşykly hereket etmek zerurdyr.

Döwlet Baştutany hödürlenen Karara gol çekip we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu ugurdaky işiň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Resminama laýyklykda, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça utgaşdyryjy pudagara topary döredildi we toparyň düzümi hem-de pudagara topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň