Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça zenanlaryň arasyndaky Ýewropa çempionatynyň finalyna Angliýanyň we Germaniýanyň ýygyndylary çykdy

12:3728.07.2022
0
6859

Futbol boýunça Angliýada dowam edýän zenanlaryň arasyndaky Ýewropa çempionatynyň iki finalçysy-da belli boldy.

Ýarym finalda Şwesiýany 4:0 hasabynda utan ýer eýeleri — Angliýanyň ýygyndysy finala ilkinji bolup adyny ýazdyrdy. Beýleki ýarym final duşuşygynda Germaniýa Fransiýany 2:1 hasabynda utdy.

Final duşuşygy 31-nji iýulda, Londondaky meşhur «Uembli» stadionynda oýnalar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen, gije sagat 21:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň