Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ― Gyrgyzystan woleýbol duşuşygy «KTRK Sport» teleýaýlymda göni ýaýlymda görkeziler

11:2627.07.2022
0
4093

Gyrgyzystanyň «KTRK Sport» teleýaýlymy woleýbol boýunça Merkezi Aziýanyň Çagyryş kubogynyň Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek final duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer.

Duşuşygyň göni ýaýlymda görkezilişi Aşgabat wagty bilen 18:25-de, özi bolsa 18:30-da başlanýar.

Gazagystanyň we Özbegistanyň ýygyndylarynyň arasynda üçünji orun ugrunda boljak duşuşyk 16:30-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň