6-njy aprelde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda “Bagtyýarlyk” sport toplumyny açdy.
Meýdany 38 müň inedördül metrden gowrak bolan täze, köpugurly sport desgasy Azady we Hydyr Derýaýew köçeleriniň çatrygynda ýerleşýär. Paýtagtymyzyň häkimliginiň buýurmasy boýunça gurluşyk işlerini “Belent jaý” hususy kärhanasy amala aşyrdy.
Toplumyň düzüminde ýüzülýän howuzlary, şol sanda çagalar üçin howuzlary hem-de iki sany akwaparky bolan toplum, futbol meýdançasy, tennis meýdançasy, gimnastika we boks zallary, bilýard,woleýbol, basketbol we gandbol oýunlary üçin zal, iki sany türgenleşik zaly, toparlaryň pökgüli oýunlary üçin üsti açyk sport meýdançasy girýär. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde her kim öz islegine görä meşgullanyp biler. Toplumyň düzüminde amatly kafeler hem bar. Olarda yhlasly türgenleşiklerden soň, tagamly önümler bilen garbanyp bolar.
Merkeziň binasynda şeýle hem suwly belentlikler we haýwanjyklaryň şekilleri bilen owadan bezelen çagalar bölümi bar. Bu ýerde körpeleriň suwda isledigiçe ýüzüp bilmekleri üçin hemme şertler döredilipdir. Şadyýan güýmenjeleriň barşynda boş wagty sagdyn hereketler üçin işjeň we peýdaly sarp etmäge endik edip bolar.