Soňky habarlar

Arhiw

Hepdäniň esasy wakalary: Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana döwlet sapary, Türkmenistana gelnende hökmany özüňi başgalardan çetleşdirmeli, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň kabul ediş toparlarynyň salgylary we beýleki temalar

11:3117.07.2022
0
23257

1. Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana iki günlük döwlet saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda 19 sany resminamalar toplumyna gol çekildi. Dostlukly döwletleriň Baştutanlary döwrebap düzümi bolan serhetýaka söwda zolagyny döretmek hakynda ylalaşdylar, «Ýol kartasyny» kabul etdiler we bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Serdar Berdimuhamedow «Kuksaroý» döwlet kabulhanasynyň çäginde ýerleşýän Hormatly myhmanlar seýilgähinde nahal oturtdy, Yslam Karimowyň aramgähine gül desselerini goýdy we Samarkandyňtaryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanyşdy.

2. Howa gatnawlary arkaly daşary ýurtlara gidip, ýurdumyza dolanyp gelen Türkmenistanyň raýatlary öý şertlerinde hökmany ýagdaýda 7 gün özlerini başgalardan çetleşdirmelidirler.

3. 2022-nji ýylda Aşgabatda hem-de welaýat merkezlerinde Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň resminamalary kabul ediş nokatlarynyň ýerleşýän ýerleri mälim edildi.

4. Türkmenistanda nobatdaky innowasion taslamalaryň bäsleşigi – «Sanly çözgüt – 2022» geçiriler. Bäsleşigiň saglygy goraýyş, ylym-bilim, ulag-logistika, elektron senagat, oba hojalygy, hyzmatlar ulgaly ýaly ugurlar boýunça geçirilmegine garaşylýar.

5. Hazar deňzi boýunça halkara syýahatynyň ugry Türkmenistanyň üstünden geçer. 2023-nji ýylda Hazar akwatoriýasy boýunça serhetleşýän bäş döwletiň üstünden geçýän (Gazagystan – Türkmenistan – Eýran – Azerbaýjan – Russiýa) aýlawly syýahatçylyk ugrunyň döredilmegine garaşylýar.

6. Daşary ýurt döwletleri tarapyndan berlen we Türkmenistanyň çäginde ykrar edilýän ýokary hem-de orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary tassyklatmak üçin kabul ediş nokadynyň salgysy täzelendi.
Indi degişli daşary ýurt diplomy we beýleki zerur bolan resminamalar şu salgyda kabul edilýär: Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň milli bilim insitituty, Magtymguly şaýoly, 136-njy jaý.

7. Syýatahçylyk üçin niýetlenen meşhur «App in the Air» mobil goşundysy türkmenistanly Baýram Annakow tarapyndan işlenip düzülipdir. App in the Air» goşundysy uçuşlarda syýahatçylaryň ýakyn ýardamçysydyr. Ol ulanyja howa gatnawynyň ýagdaýy barada maglumat berýär, syýahatçylyk barada statistika maglumatlaryny toplaýar we howa menzillerinde ugruňy kesgitlemäge kömek edýär. Baýram Annakow Aşgabatda doglandyr, onuň ejesi radioýaýlymda žurnalist bolup, kakasy bolsa iri hasaplaýyş merkezinde programmist bolup işläpdir.

8. «Коммент.Шоу» gepleşiginiň Gurban Berdiýewiň gatnaşmagynda taýýarlanan sany bir hepdeden hem az wagtyň dowamynda 300 müň gezek görüldi we gepleşigiň «YouTube» ýaýlymynda soňky alty aýyň dowamyndaky iň meşhur sany boldy.

9. Ýakyn günlerde Türkmenistanda adaty bolmadyk yssy howa garaşylýar. Howanyň temperaturasy kölegede +46° çenli ýeter.

10. BSSG COVID-19 keseliniň ýüze çykmagy bilen bagly hadysalaryň artýandygy hehm-de saglygy goraýyş ulgamynyň we lukmanlaryň işine goşmaça agram salýandygy sebäpli dünýäniň ýurtlaryny örtük düzgünini gaýtadan girizmäge çagyrýar.

11. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy wagtlaýyn wizalry resmileşdirmegi möhleti hakynda ýatladýar. «Şahsy, işewürlik, syýahatçylyk, okuw, ynsanperwer, zähmet» derejeli wagtlaýyn wizalary resmileşdirmek işleri ýüz tutulan pursatyndan 3 iş gününiň dowamynda, adaty tertip boýunça – 7 senenama güni üçin amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň