Soňky habarlar

Arhiw

Basketbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň ajaýyp üstünligi, robot tehnikasy boýunça halkara bäsleşikde gazanylan üstünlik, «Awazadaky» kenarýaka festiwaly, Migrasiýa boýunça halkara guramadaky we ETL-däki boş iş orunlary we beýleki habarlar

11:1107.07.2022
0
10407
Basketbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň ajaýyp üstünligi, robot tehnikasy boýunça halkara bäsleşikde gazanylan üstünlik, «Awazadaky» kenarýaka festiwaly, Migrasiýa boýunça halkara guramadaky we ETL-däki boş iş orunlary we beýleki habarlar

1. Migrasiýa boýunça halkara guramasy (MHG) Türkmenistanda suratçy bolup işlemek üçin boş iş ornuny hödürleýär. Dalaşgärlerden şahsy maglumatlaryny 11-nji iýula çenli gannadurdiyev@iom.int salgysyna ugratmak soralýar,

2. «Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy Balkanabat şäherindäki Burun ýatagynda işlemek üçin tehniki gözegçilik boýunça gözegçiniň boş iş ornuny hödürleýär. Ýüztutmalar Aşgabat şäheriniň Arçabil köçesiniň 41-nji jaýynda ýa-da jobs@eni.tm salgysy arkaly kabul edilýär.

3. «Imdatbot» çagalar robot tehnikasy bilim merkeziniň wekilleri Hytaýyň Şençžen şäherinde robot tehnikasy boýunça geçirilen halkara bäsleşikde baýrakly orunlara eýe boldular. Bäsleşik onlaýn görnüşinde geçirildi.

4. 9-njy we 10-njy iýul günlerinde «Awazada» işjeň dynç alyş we tans çäresi geçiriler. Deňiz merjeni seýilgähindäki bu şou konsert Open Air görnüşindäki reňne-reň şüweleňe hem beslener. Dabaralaryň ilkinji gününde disko, ikinji gününde klub sazlaryna aýratyn üns berler. Giriş ― tölegsizdir.

5. Russiýada okaýan türkmenistanly talyplaryň arasynda haýsy ugra islegiň has ýokardygyny bilýärdiňizmi? Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurtda daşary ýurtly talyplaryň agramly bölegi, şol sanda türkmenistanlylar hem lukmançylyk fakultetlerinde okamaga uly isleg bildirýärler.

6. 2022-nji ýylyň iýun aýynyň iň täsirli fotoýygyndysy.

7. Daşary ýurtlarda okamak üçin soralýan resminamalar.

8. 6-njy iýulda Nebiti eksport edýän döwletleriň guramasynyň (OPEK) 63 ýaşly Baş kätibi Mohammed Sanusi Barkindo aradan çykdy. Ol guramanyň Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklamagynda uly işleri bitiripdi.

9. Wenesiýanyň ýolbaşçylary 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwaryndan başlap, şähere gelýän syýahatçylardan günlük tölegleri alyp başlamakdy. Tölegiň bahasy 10 ýewrodan 3 ýewro çenli aralykda üýtgär.

10. Türkmenitanyň 3х3 basketbol boýunça zenanlar ýygyndysy Singapurda geçirilýän Aziýanyň kubogynyň final tapgyryna çykdy. Türkmen ýygyndysy saýlama duşuşyklarda Guamy 21:14, Gazagystany 21:10, Papua-Täze Gwineýany 21:11 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, toparçada birinji orny eýelän türkmen ýygyndysy ýaryşyň final tapgyrynyň toparçalaryna goşulmagy başardy. Bu ýerdäki garşydaşlarymyz Taýwanyň we Şri-Lankanyň ýygyndylary bolar.

11. 7-nji iýulda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçiriler. Agşam sagat 18:15-de başlanjak duşuşykda arzyly kubok üçin «Ahal» bilen «Şagadam» göreşer.

12. Türkmenistanly türgen Goçmyrat Jumanyýazow Özbegistanda kikboksing boýunça geçirilen WAKO Uzbekistan Open-2 halkara ýaryşynda 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň