Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ýapon aşhanasynyň sergisi açylar

10:5605.07.2022
0
12931
Aşgabatda ýapon aşhanasynyň sergisi açylar

Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde 8-nji iýulda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan guralýan «Men suşini halaýaryn» atly wagtlaýyn sergisi açylar.

Sergä gatnaşyjylar wasýoky dünýäsi bilen, ýagny ýapon aşhanasy bilen tanyş bolarlar. 2013-nji ýylyň dekabr aýynda däp bolan ýapon nahary ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Ýaponiýalylar milli aşhanasyna hormat bilen garaýarlar, tagamlaryň düzümini we däplerini gorap saklaýarlar. Bu pelsepä olar baryp çagalykdan uýgunlaşdyrylýar.

Sergilikleriň ählisi Ýapon gaznasy tarapyndan hödürlenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň