Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň haýwanat bagynda tomus möwsümi dowam edýär, «Onlaýn taksi» mobil goşundysynyň ulanyjylary 15 müňden geçdi, Türkmenistan ýylyň başyndan bäri 78 000 tonna pomidor eksport etdi we beýleki habarlar

10:4905.07.2022
0
9404

1. Aşgabatdaky Janly tebigatyň milli muzeýiniň işgärleri haýwanlaryň yssy howany nähili geçirýändikleri hakynda gürrüň berdiler. Olaryň käbirleri eýýäm ýokary temperatura uýgunlaşdylar. Emma yssy howany agyr geçirýän haýwanlar hem bar. Şonuň üçin hem haýwanat bagynda olar üçin ýörite howuzlar, köller we kiçijik çeşmeler bar.

2. «Onlaýn taksi» mobil goşundysynyň köpçülige elýeterli bolmagyndan soňra geçen bäş aýyň dowamynda ony 15 000-den gowrak adam ýükledi we ondan peýdalanýar. Bu hyzmat Android we iOS ulgamlarynda elýeterlidir. Şeýle--de taksileri 0655 gysga belgä jaň edip hem sargyt etmek mümkindir.

3. 2022-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistan pomidorlaryň eksportyny 50% artdyrdy, şeýlelikde, bu görkeziji 78 müň tonna deň boldy. Döwlet gümrük gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, eksportyň möçberi aýakgap önümçiliginde, şeýle hem ýuwujy serişdeler, mebel, gaýtadan işlenilmedik ýüň we eýlenen deri ýaly harytlarda has-da artdy.

4. «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» nebitgaz kompaniýasy Gyýanlyda lukman wezipesiniň açylandygyny habar berýär. Gyzyklanma bildirýänler maglumatlaryny kompaniýanyň aşakdaky salgyda ýerleşýän ofisine tabşyrmalydyrlar: Aşgabat şäheri, Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý, B bina.

5. Gazagystan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda 100 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenen elewator we degişli haltalary taýýarlamak üçin önümçilik sehini gurarlar. Bu iş Gazagystandan Owganystana we onuň üstünden beýleki ýurtlara bugdaý hem-de un ibermek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik döreder.

6. «Mähirli Zenan» modalar öýi milli biçüwde tikilen özboluşly lybaslar üçin arzanladyş möwsüminiň dowam edýändigini ýatladýar. Gurban baýramy mynasybetli 12-nji iýula çenli haryt nyşanyna degişli ähli önümleri 30% arzan bahada satyn almak mümkindir. «Mähirli Zenanyň» lybaslaryny «Bagtyýarlyk» söwda merkeziniň 1-nji gatynda ýerleşýän dükanyndan satyn alyp bilersiňiz.

7. Hindistanyň Hökümeti 19 sany dereje boýunça bir gezeklik plastik önümlerini ulanmagy gadagan etdi, olaryň hatarynda bulgurlar we suw içmek üçin turbajyklar hem bar. Sanawdaky önümleri diňe öndürmek däl, eýsem, ýurduň çägine getirmek, saklamak we ýaýratmak hem gadagandyr. Bu düzgün plastigi ulanmagy bes etmek boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde girizildi.

8. Ady rowaýata öwrülen boksçy Muhammet Aliniň ýapynjasy satuwa çykaryldy, ol bu ýapynjada Jo Freýzere garşy «asyryň duşuşygyna» çykypdy. Auksion 21-nji iýulda Dallasda geçiriler, onuň başlangyç nyrhy – 969 müň dollar.

9. Türkmenistanyň milli zenanlar ýygyndysy 8-20-nji iýulda Duşanbede geçiriljek Merkezi Aziýa futbol Assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşarlar. Zenanlar ýygyndylarynyň arasynda CAFA çempionatyna 5 topar gatnaşar – Eýran, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan. 8-nji iýuldaky ilkinji duşuşykda türkmen zenan futbolçylary Täjigistanyň ýygyndysy bilen güýç synanyşarlar.

10. Futbol boýunça Afrika milletleriniň Kubogy ugrundaky çempionat 2023-nji ýylyň tomsundan 2024-nji ýylyň ýanwaryna süýşürildi. Ýaryş Kot-d'Iwuarda geçiriler. Halkara ýaryşyň ilkinji bellenen senesiniň üýtgedilmegine iýun-iýul aýlarynda ýaramsyz howa şertleriniň bolmak ähtimallygy sebäp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň