Soňky habarlar

Arhiw

Muhammet Alynyň ýapynjasy söwdalaşyga çykarylar

20:2204.07.2022
0
3166
Muhammet Alynyň ýapynjasy söwdalaşyga çykarylar
Surat: AP/ТАСС

Rowaýaty boksçy Muhammet Alynyň «asyryň tutluşygy» adyny alan, Jo Freýzeriň garşysyna boks urşunda geýen mantiýasy 21-nji iýulda Dallasda geçjek auksiona çykarylar. Söwdalaşygyň başlangyç bahasy 969 müň ABŞ dollary diýip, «The Daily Mail» gazeti ýazýar.

Mantiýadan başga-da auksiona Muhammet Alynyň mahmal namaz başgaby hem çykarylar. Bu başgapda rowaýaty boksçy Freýzer bilen üçünji tutluşygyň öňüsyrasy metjide baryp namaz okapdyr. Geýimleriň ikisem telekeçi Troýa Kunineniň kolleksiýasyna degişlidir.

«Asyryň tutluşygy» 1971-nji ýylyň 8-nji martynda Nýu-Ýorkda boldy. Eminleriň biragyzdan gelen karary esasynda 15 raunddan soň Freýzer ýeňiji diýlip yglan edildi. Oýna 300 million adam tomaşa etdi.

1974-nji ýylyň ýanwarynda Aly Freýzerden utuklaryň sany boýunça üstün çykdy. Üçünji darkaş 1975-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda geçdi. «Maniledäki triller» adyny alan şol ýaryşda Aly 14-nji raundda tehniki nokaut bilen garşydaşyny ýeňdi.

Bu barada «MIR24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň