Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Mähirli Zenan» dükanynda baýramçylyk arzanladyşlary dowam edýär

17:4504.07.2022
0
7200

«Mähirli Zenan» modalar öýi türkmen milli egin-eşiklerine arzanladyş döwrüniň dowam edýändigini ýatladýar. Gurban baýramy mynasybetli 12-nji iýula çenli müşderiler dükandan islendik harytlary 30% arzan bahadan alyp bilerler.

«Mähirli Zenan» gelin-gyzlar hem-de çagalar üçin dürli görnüşlerdäki egin-eşikleri taýýarlaýar. Dükanda müşderilere ýetirilýän eşikleriň tapawutly aýratynlygy olaryň tikilişinde döwrebap bezegler bilen türkmen milli nagyşlarynyň sazlaşykly utgaşdyrylýanlygydyr. Modalar öýüniň egin-eşikleri ýüpek hem-de mahmal matalardan taýýarlanylyp, ajaýyp keşdeler we beýleki häzirki zaman nagyşlary bilen bezelýär.

Müşderiler bu ýokary hilli we amatly bahalardan ýetirilýän egin-eşik görnüşleri bilen «Mähirli Zenan» modalar öýüniň «Bagtyýarlyk» söwda we dynç alyş merkeziniň 1-nji gatynda ýerleşýän dükanyndan tanşyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň