Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy CAFA-nyň çempionatyna gatnaşar

13:3604.07.2022
0
4016

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy 8 ― 20-nji iýul aralygyda Merkezi-Aziýa futbol assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşar. Çempionatyň ähli duşuşyklary Duşenbe şäherinde geçiriler diýip, Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

CAFA-nyň çempionatyna jemi bäş milli ýygyndy gatnaşar. Olar Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň ýygyndylarydyr.

CAFA-2022-niň çäginde jemi 19 duşuşyk geçiriler. Duşuşyklaryň ählisini Duşenbe şäherindäki Merkezi stadionda geçirmek meýilleşdirilýär.

Assosiasiýa tarapyndan işlenip düzülen düzgünnama laýyklykda, milli ýygyndylar biri-biri bilen bir gezekden duşuşarlar. Bir aýlawyň netijesinde iň ýokary netijäni gazanan ýygyndy çempion diýlip yglan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň