Soňky habarlar

Arhiw

Afrikanyň Milletler kubogy ýagyş sebäpli yza süýşürildi

13:5604.07.2022
0
5959

Afrikanyň futbol konfederasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Marokkada geçirilen mejlisinde geljek ýylda bolmaly Afrikanyň Milletler kubogyny alty aý yza süýşürmek barada karara gelindi.

Aslynda, Afrika Milletler kubogy 2023-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda Kot-d'Iwuarda geçirilmelidi. Ýöne ýylyň bu döwründe Kot-d'Iwuarda güýçli ýagyşlaryň möwsümi bolýandygyny göz öňünde tutup, yklymyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky iň abraýly ýaryş 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlaryna çenli soňa süýşürildi.

Maglumat üçin, Afrikanyň Milletler kubogynyň häzirki çempiony Senegalyň milli ýygyndysy hasaplanylýar. Sadiýo Maneniň topardaşlary soňky finalda Müsüriň milli ýygyndysyny penaltiler seriýasynda ýeňlişe sezewar edip, çempion bolupdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň