Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça TFF-niň kubogy ugrundaky ýaryş tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy

10:1005.07.2022
0
4140

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn bäsleşigi tamamlanyp, ýarymfinalynda güýç synanyşjak toparlar belli boldy.

Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde “Ahal” topary toplan 10 utugy bilen “A” toparçada birinji orny eýeledi. Bu toparçada ikinji orna “Nebitçi” topary mynasyp boldy. “B” toparçada ilkinji iki orny “Şagadam” hem-de “”Aşgabat” toparlary eýelediler. Şeýlelikde, ýarymfinal duşuşyklarda “Ahal” – “Aşgabat” hem-de “Şagadam” – “Nebitçi” toparlary güýç synanyşarlar.

Aşgabat şäherinde dowam edýän TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşik Milli ligamyzyň toparlarynyň 6-synyň (“Ahal”, “”Merw”, “Nebitçi”, “Şagadam”, “Aşgabat”, “Energetik”), ýaşlar ligamyzyň “Köpetdag II” toparynyň, ýurdumyzyň Olimpiýa ýygyndysynyň (U23) hem-de Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň (U20) gatnaşmagynda geçirilýär.

05.07.2022 ý.
7-nji orun üçin duşuşyk:
18:00 “Köpetdag II” – U20

5-nji orun üçin duşuşyk:
18:00 “Merw” – “Energetik”

06.07.2021 ý.
Ýarymfinal duşuşyklar:
18:00 “Ahal” – “Aşgabat”
18:00 “Şagadam” – “Nebitçi”

07.07.2021 ý.
18:00 3-nji orun ugrundaky duşuşyk
18:00 Final

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň