Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 6 aýda 78 müň tonna pomidor eksport etdi

14:0703.07.2022
0
1089

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy eksport edilýän harytlarynyň möçberleriniň artýandygyny habar berýär. Şeýle harytlaryň aglaba bölegini oba hojalyk önümleri düzýär.

Gullugyň resmi saýtynda bellenilşi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri pomidoryň daşary döwletlere eksport edilen möçberi 78 müň tonnadan gowurak bolup, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 50 göterime golaý ýokarlandy. Bu döwürde hususy önüm öndürijiler tarapyndan öndürilýän konditer önümleriniň, kelemiň, mäşiň we soganyň uly möçberi daşarky bazara iberildi. Bulardan başga-da, miwe we gök-bakja ekinleriniň üpjünçiligi içerki bazarlardan artýan ter alma, armyt, şetdaly, käşir, bolgar burçy, guradylan miweler we beýleki azyk önümler eksport edildi.

Ýurduň gümrük edaralarynda resmileşdirilýän azyk däl harytlaryň eksportynyň ösüşi hem yzygiderli artýar. Şu ýylyň başyndan bäri hususy önüm öndürijiler tarapyndan öndürilýän aýakgaplaryň eksporty geçen ýyla görä 3 esse ýokarlandy. Eksporty ýokarlanýan harytlaryň sanawynda ýuwujy serişdeler, mebel, gaýtadan işlenen deri önümleri hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň