Arhiw

Türkmenistanda şu ýyl 17 müň 900 gektara gant şugundyry ekiler

22:3911.06.2022
0
3248
Türkmenistanda şu ýyl 17 müň 900 gektara gant şugundyry ekiler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

TDH-nyň habar bermegine görä, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanynyň garamagyna «Türkmenistanda 2022-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürledi. Resminama laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 17 müň 900 gektara gant şugundyry ekmek we ondan 224 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynda 3 müň gektara gant şugundyryny ekilip, ondan 24 müň tonna hasyl alnar. Mary welaýatynda bolsa 14 müň 900 gektara gant şugundyry ekilip, ondan 200 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halky özümizde öndürilen dürli görnüşli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmegiň obasenagat toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de welaýatlaryň häkimleriniň şu resminamada kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň