Hindistanyň Milli awtoulag ýollary edarasy (NHAI) Ginnesiň rekordlar kitabyna täze üstünligi ýazdyrdy, ýagny uzynlygy 75 kilometrlik gara ýoly birnäçe günde gurmak olara başartdy diýip, «The Financial Express» habar berdi.
Taslamanyň gurluşygyna 720 işçi, şol sanda garaşsyz hünärmenler gatnaşdy. Gurluşyk işleri 3-nji iýunda ir säherde başlap, 7-sine giçlik tamamlandy. Ýoly çekmek üçin 105 sagat 33 minut gerek boldy. Şeýlelikde NHAI üçin Katarda 2019-njy ýylda bellige alnan 25,2 kilometrlik ýoly 10 günde çekmek boýunça rekordy täzelemek başartdy.
Täze gara ýol Maharaştra ştatynyň Amrawati we Akolo şäherlerini birleşdirýär we 53-nji milli gara ýoluň bölegi bolup durýar. Gara ýol şeýle-de Kalkutta, Raýpur, Nagpur we Surat şäherlerini birleşdirýär. Bu barada MIR24 ýazýar.