Soňky habarlar

Arhiw

Begençmyrat Myradow: «Diýmek, hiç zat tötänlik däl eken»

09:3208.06.2022
1
5452

Futbol boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň kubogynyň «A» toparçasyndaky duşuşyklar tamamlandy. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy toparçadaky ahyrky duşuşygynda Katar bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, ýaryşyň çärýek finalyna çykmaga hukuk gazandy.

Habar berşimiz ýaly, türkmen ýygyndysynyň gollarynyň ikisi hem merkezi hüjümçi Begençmyrat Myradow geçirdi. Ol duşuşykdan soň öz pikirlerini şeýle beýan etdi:

― Meýdanda türkmen halky we janköýerlerimiz üçin göreş alyp bardyk. Goý, olaryň ömri uzak bolsun! Toparçadan çykmak özümize baglydy. Hasap 0:2 bolansoň, ählli zady täzeden başladyk. Eýran bilen bolan oýunda-da, şu günem ilkinji hasapda yza galyp, soň özümizi dürsedik we oýnuň ykbalyny öz haýrymyza üýtgetdik. Diýmek, bu tötänlik däl.

Awstraliýa? Biz hem seredip durmarys. Ýaryşda indi bize autsaýder däl-de, güýçli topar hökmünde seredilýär. Hudaý halasa, ahyryna çenli göreş alyp bararys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
AtamyratMyradow ( 08.06.2022 )

Ура Ура Ура

0