Aziýanyň kubogy-2023 ýaryşynyň saýlama tapgyry: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň geçirjek duşuşyklarynyň tertipnamasy

11:1407.06.2022
0
7768

Aziýanyň kubogy-2023 futbol ýaryşynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasynda Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek duşuşyga bir gün galdy.

Futbol boýunça Aziýanyň kubogy-2023 ýaryşynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Bahreýniň, Malaýziýanyň hem-de Bangladeşiň ýygyndy toparlary bilen birlikde «E» toparçada çykyş eder. Toparçada duşuşyklar bir aýlaw boýunça geçiriler.

Aziýanyň kubogy-2023 futbol ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň «E» toparçasynda birinji duşuşyk çarşenbe güni — 8-nji iýunda Türkmenistan bilen Malaýziýa ýygyndylarynyň arasynda bolar. Bu duşuşyk Kuala-Lumpur şäherindäki «Bukit Jalil» stadionynda bolup, Aşgabat wagty bilen sagat 18:00-da başlanar.

Aziýanyň kubogy-2023 ýaryşynyň saýlama tapgyry. «E» toparça (Geçirilýän ýeri: Malaýziýa)

1-nji aýlaw (8-nji iýun)

Türkmenistan — Malaýziýa (18:00);
Bahreýn — Bangladeş (14:15).

2-nji aýlaw (11-nji iýun)

Malaýziýa — Bahreýn (18:00);
Bangladeş — Türkmenistan (14:15).

3-nji aýlaw (14-nji iýun)

Malaýziýa — Bangladeş (18:00);
Bahreýn — Türkmenistan (14:15).

Ýaryşyň final tapgyryna toparçada birinji orny eýelän ýygyndylar, şeýle-de toparçalarda ikinji orny eýelän milli ýygyndylaryň 5-isi gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň