Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan Türkmenistanyň çäginde awtomobil ýük daşamalaryny gaýtadan dikeltdi, Aşgabatda Rus diliniň güni bellenildi, Gurban Berdiýew «Kaýratyň» baş tälimçisi wezipesini terk etdi we beýleki habarlar

09:4607.06.2022
0
7853

1. Türkmenistan Özbegistana öz çäklerinden üstaşyr ýük daşamalaryny amala aşyrmaga rugsat berdi. Türkmenistanyň çägi boýunça ugur ýurdumyzyň Özbegistan bilen serhedindäki «Alat» we Eýran bilen serhedindäki «Sarahs» goýberiş nokatlarynyň aralygyndan geçýär.

2. Düýn Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky seýilgähde Rus diliniň güni we beýik rus şahyrynyň doglan gününiň 223 ýyllygy bellenildi. Diplomatik wekiliýetiň agzalary, umumy orta bilim berýän bilelikdäki Türkmen-rus mekdebiniň okuwçylary we şahyryň döredijiliginiň muşdaklary onuň ýadygärligine gül desselerini goýdular.

3. «Ýakyndar» internet-dükany 7 aý möhlet bilen welosiped we elektrosamokat satuwyny ýola goýdy. Sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek üçin sargydy resmileşdirmek we saýlamak boýunça ýeňillikli mümkinçilik diňe 31-nji awgusta çenli dowam eder. Satyn alnan haryt üçin tölegi nagt görnüşinde hem, bank karty bilen hem amala aşyrmak mümkindir, şeýle-de onlaýn-tölegler hem kabul edilýär.

4. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde täze taslamanyň –«Uly Baýragyň gymmaty» atly uly göwrümli filmiň üstünde işlenilýär.
Täze film janypkeş we zehinli seýis Nurly aganyň durmuşy, ykbaly hem-de onuň aty hakynda gürrüň berýär.

5. Daşoguzda ulag we kommunikasiýa ulgamynyň işgärleri üçin ýokary amatlykly dört sany 32 öýli we sekiz sany 24 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär.

6. Amerikaly lukmanlar mikrotiýa keseli bolan 20 ýaşly gyza 3D-printerde çap edilen gulak çukurjygyny oturtdylar. Dokumalary üçölçegli çap etmek üçin alymlar 7 ýylyň dowamynda iş alyp barypdylar. Bilermenleriň pikirine görä, çap edilen organlary oturtmak dokuma inženeriýasynda «ajaýyp üstünlikdir», 3D-çap tehnologiýasynyň bolsa ýakyn wagtlarda uly gelejeginiň bardygyna ynanylýar.

7. Hytaýly alymlar ukynyň hiline gözegçilik edýän we eýesine sekisinden ýykylmak mümkinçiliginiň bardygyny duýdurýan akylly ýassyk oýlap tapdylar. Mundan başga-da, bu adaty bolmadyk enjam kellani sürtmek arkaly kuwwwatlanýar.

Ony işläp düzenleriň bellemegine görä, akylly ýassygy dürli kesellleri anyklamak üçin hem programmirlemek mümkindir.

8. «Kaýrat» futbol topary iki tarapyň hem razylygy boýunça toparyň baş tälimçisi Gurban Berdiýew bilen şertnamasyny bozdy. «Kaýrat» futbol topary tüýs ýürekden Gurban Bekiýewiçe we onuň kömekçilerine alnyp barlan işler üçin sagbolsun aýdýar, şeýle hem geljekki hünär ýolunda üstünlikleri arzuw edýär» – diýip, toparyň beýanynda bellenilýär. Futbol boýunça Gazagystanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde «Kaýrat» 12 tapgyrda 16 utuk toplap, sekizinji orunda barýar.

9. Türkmen türgenleri Juniýada (Liwan) geçirilen sambo boýunça Aziýa çempionaty-2022-niň bäsleşikleriniň ahyrky gününde 12 sany medal gazanmagy başardylar. Türkmenistanlylar 1 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç medala eýe boldular.

10. Şu gün Aşgabat wagty bilen 22:00-da Türkmenistanyň we Kataryň ýaşlar ýygyndylarynyň arasynda futbol boýunça Aziýanyň Kubogy-2022 (23 ýaşa çenli) çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ahyrky duşuşygy geçiriler. Duşuşygy Täjigistanyň «Futbol» teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň