«Ýakyndar» onlaýn dükany welosipedleri we elektrik tigirleri garaşaryna almagy hödürleýär

16:3806.06.2022
0
17643

«Ýakyndar» onlaýn dükany Türkmenistanyň raýatlaryna saglygyny berkitmek we işjeň durmuş ýörelgesini üpjün etmek maksatlary üçin 31-nji awgusta çenli welosipedleri we elektrik tigirleri 7 aý garaşaryna möhlet bilen satyn almak mümkinçiliginden peýdalanmagy teklip edýär.

Bu hili ulag serişdeleriniň ekologik, ykjamlygy taýdan, barjak ýeriňe fiziki zähmet bilen utgaşdyryp tiz barmak mümkinçiligi ýaly oňyn şertleri bardyr.

Internet dükanynda bu ulag serişdeleriniň dürli ýaşdakylar üçin her hili görnüşleri hödürlenilýär. Ulaglary satyn almakda tölegler nagt we bank kartlary arkaly, şeýle-de onlaýn töleg esasynda kabul edilýär.

«Ýakyndar» onlaýn dükanynda welosipedler we tigirlerden başga hem tekerler, diskler, tormoz kolodkalary, ýag we howa süzgüçleri, antifriz we tormoz suwuklygy we beýleki ulag ätiýaçlyk şaýlary hem bardyr.

«Ýakyndar» onlaýn dükanynyň haryt görnüşleri bilen şu salgylanma girmek arkaly giňden tanyş bolup bilersiňiz.

Wideony şu ýerden görüp bilersiňiz:

Ýakyndar- awtoulag sürüjilerine niýetlenen internet-dükany

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň