Turkmenportal logo
06.06.22
83978397
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanyň «Футбол» teleýaýlymy Katar — Türkmenistan (U23) duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer
Täjigistanyň «Футбол» teleýaýlymy Katar — Türkmenistan (U23) duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

Aziýanyň kubogy-2022 futbol ýaryşynyň (U23) toparlaýyn tapgyrynyň jemleýji aýlawynda Kataryň hem-de Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň arasynda geçjek duşuşygy Täjigistanyň «Футбол» teleýaýlymy göni ýaýlymda tomaşaçylar köpçüligine ýetirer. Bu barada teleýaýlymyň resmi saýtynda habar berilýär.


Futbol duşuşygy 7-nji iýunda Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da başlanar. Duşuşyk Daşkent şäheriniň «Bunýodkor» stadionynda bolar.


Türkmenistanyň köp sanly futbol tomaşaçylary IPTV teleýaýlym ulgamynyň üsti bilen «Футбол» teleýaýlymyndan bu duşuşyga tomaşa edip bilerler.


Türkmenistanyň hem-de Kataryň milli ýygyndy toparlary häzirki wagtda Eýranyň we Özbegistanyň ýygyndylary bilen bir toparçada çykyş edýärler. Toparçadaky ahyrky aýlawdan öň Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary Eýran hem-de Katar ýygyndylaryndan 2 utuk tapawutlylykda öňde barýar. Şunlukda türkmen futbolçylaryny çärýek final tapgyryna çykmak üçin bu günki geçjek duşuşykda deňme-deň oýnamak hem kanagatlandyrýar. Özbegistanyň milli ýygyndysy toparçada has tapawutlanyp çärýek final tapgyrynda çykyş etmek üçin wagtyndan öň ýollanma aldy.


Aziýanyň kubogy-2022: Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysynyň futbol duşuşyklarynyň tertipnamasy (U23).