Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäherindäki çagalar sungat mekdeplerine kabul edişlik başlandy

16:3303.06.2022
0
5641

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň garamagyndaky çagalar çeperçilik we sungat mekdepleri 2022-2023-nji okuw ýyly üçin okuwçylary kabul etmegiň tertibi mälim edildi.

Häzirki wagtda şäher medeniýet müdirliginde okuwçylara bilim berýän dokuz sany okuw mekdebi bar. Olaryň ýedisi çagalar çeperçilik mekdebi, ikisi bolsa sungat mekdebidir.

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginde okuwçylar fortepiano, skripka, milli saz gurallary, halk saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, hor sungaty, kontrabas hünär ugurlaryny, tans sungatyny we beýleki hünärleri öwrenip bilerler.

«Aşgabat» gazetinde çagalar sungat mekdeplerine kabul etmegiň tertibi we wagtlary, şeýle-de sungat mekdeplerinde öwrediljek hünärler baradaky maglumatlar doly ýerleşdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň