Sambo boýunça 2023-nji ýyldaky Aziýa çempionatynyň nirede geçiriljekdigi belli boldy

12:0402.06.2022
0
5955

Sambo boýunça 2023-nji ýyldaky Aziýanyň çempionaty we ýaşlaryň arasyndaky yklym birinjiligi Gazagystanda geçiriler. Bu barada Aziýanyň Sambo birleşiginiň (ASB) düýn Liwanyň Juniýa şäherinde geçirilen mejlisinde aýdyldy. Oňa Türkmenistanyň wekilçilikli topary hem gatnaşdy.

Halkara sambo federasiýasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, mejlise Awstraliýanyň, Bangladeşiň, Bahreýniň, Gonkongyň, Hindistanyň, Iordaniýanyň, Yragyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Liwanyň, Maldiwleriň, Mongoliýanyň, Nepalyň, Täze Zelandiýanyň, Pakistanyň, Palestinanyň, Saud Arabystanynyň. Singapuryň, Siriýanyň, Tailandyň, Özbegistanyň, Filippinleriň, Şri-Lankanyň, Ýaponiýanyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Mejlisde sambony Aziýa derejesinde geçirilýän iri ýaryşlaryň birnäçesiniň maksatnamasyna goşmak baradaky meselä seredildi. Şeýle hem oňa gatnaşyjylar Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň ASB-nyň düzümine goşulmagy baradaky teklibi birazgyzdan goldadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň