Aziýanyň kubogy ― 2022: Ahmet Agamyradow Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy bilen bolan duşuşykdan soň žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi

10:0502.06.2022
0
2388

― Özbegistanyň futbol boýunça olimpiýa ýygyndysyny gazanan üstünligi bilen gutlaýarys ― diýip, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Ahmet Agamyradow düýn Daşkent şäherinde geçirilen duşuşykdan soň aýtdy.

Tejribeli tälimçi Aziýanyň kubogy ― 2022-däki ilkinji duşuşyk tamamlanansoň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi.

― Duşuşygyň dowamynda kän bir ýalňyşlyk goýbermändigimize ynanýaryn. Ýekeje 11 metrlik jerime urgusy duşuşygyň ykbalyny kesgitledi. Indiki duşuşyklarymyza has gowy taýýarlyk görüp, garaşýan netijelerimizi almaga synanyşarys. Bu günki oýun üçin ýigitlere hoşallyk bildirýärin.

Duşuşykda Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysynyň 1:0 hasabynda ýeňiş gazanandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň