Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýa Kubogy-2022 ýaryşynyň başynda Özbegistandan ýeňildi

23:0201.06.2022
0
7537

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy (U23) Aziýa Kubogy — 2022 ýaryşyň birinji tapgyrynyň ilkinji oýnunda Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysyndan 0-1 hasabynda utuldy. Duşuşyk Daşkent şäherindäki «Pahtakor» stadionynda geçirildi.

Duşuşykda 75-nji minutda jerime urgusy arkaly Ulagbek Haşimow ýeke-täki pökginini derwezä girizip, topary öňe çykarmagy başardy. Ulugbek Haşimow duşuşykda 63-nji minutda meýdança girdi.

«A» toparçadaky Eýran bilen Kataryň duşuşygyň 1-1 hasabynda tamamlandy.

Häzirki wagtda toparçada Özbegistan üç utuk toplap, «A» toparçada birinji orunda barýar. Kataryň we Eýranyň hersinde bir utuk bar. Toparlaryň görkezijilerine görä, Eýran ikinji orunda, katarlylar bolsa üçünji orunda, Türkmenistan bolsa dördünji orunda barýar.

«A» toparçadaky indiki duşuşykda Türkmenistan 4-nji iýunda Eýran bilen duşuşar. Özbegistan bolsa şol gün Katara garşy çykyş eder.

19-njy iýuna çenli dowam etjek ýaryşda Aziýanyň iň güýçli 16 toparynyň çykyş edýändigini bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň