Soňky habarlar

Arhiw

Kazan – Türkmenabat ugry boýunça ýakyn günlerde amala aşyryljak howa gatnawy üçin goşmaça orunlar döredildi, Tatarstanyň we Türkmenistanyň paýtagtlarynyň arasynda howa gatnawy gaýtadan dikeldildi, Aşgabatda teatr festiwalynyň jemi jemlendi, iň salkyn maý

10:0027.05.2022
0
16870

1. 1-nji iýunda amala aşyryljak Kazan – Türkmenabat ugry boýunça howa gatnawy üçin goşmaça orunlar döredildi. Bu orunlar üçin petekleriň satuwy 27-nji maýda Moskwa wagty bilen sagat 11:00-da başlanar. Russiýanyň çäginde rubl pul birliginde bilet satyn almak üçin: +79119300080 ýa-da +78124599899 telefon belgilerine we avia@itmgroup.ru elektron poçta salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.

2. «Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji iýundan Aşgabat – Kazan – Aşgabat howa gatnawyny gaýtadan dikelder. Tatarystanyň paýtagtyndan howa gatnawlary anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylar.

3. Aşgabatda tamamlanan «Türkmen teatr sungaty» festiwalynyň jemi jemlendi. Eminler toparynyň gelen netijesi esasynda «Köňül tarlary» spektaklynda kompozitor Nury Halmämmedowyň keşbini janlandyran Magtymguly Gurbanow «Iň gowy erkek keşbi üçin» ýörite baýragyna mynasyp boldy.

4. 2022-nji ýylyň maý aýy soňky 19 ýylyň dowamynda iň salkyny boldy. Şeýle-de 2002-2003-nji ýyllaryň maý aýy hem salkyn bolupdy, şol wagt paýtagtymyzda ortaça temperatura +21,1° C bolupdy. Şu ýylda maý aýyň ortaça temperaturasynyň +22,3/+23,3° C bolmagyna garaşylýar.

5. 27-nji maýda sagat 11:00-da «Aşgabat» seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsert guralar. Ýaş tomaşaçylara dürli oýunlar, sazly bäsleşikler we gülküli çykyşlar garaşýar.
https://turkmenportal.com/blog/47628/v-parke-ashhabad-proidet-koncert-posvyashchennyi-mezhdunarodnomu-dnyu-zashchity-detei

6. Ýaponiýada geçirilen auksionda «ýubari» tohumyna degişli ýokary hilli gawunlar 23 müň 550 amerikan dollaryna satyldy. Auksion Hokkaýdo adasynda geçirildi. «Ýubari» tohumy doýgun süýjümtik tagamy we narynç mämişi reňkli şireli eti bolany üçin ýokary hilli hasaplanýar. Ýaponiýada bu bakja ekinleri ajaýyp sowgat hasaplanýar.

7. Nepalyň 18 ýaşly ýaşaýjysy Dora Bahadura Khapangi dünýäniň iň kiçi boýly ýetginjegi hökmünde Ginnesin rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Onuň boýy 73 santimetr 43 millimetre deňdir.

8. Italiýanyň «Roma» topary UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň ilkinji duşuşygynda ýeňiş gazanmagy başardy. Final duşuşygynda Žoze Mourinýonyň şägirtleri Niderlandlaryň «Feýenoord» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy.

9. Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 2022-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýanyň Kubogy-2022 çempionatynda duşuşyk geçirjek garşydaşlary mälim edildi. Türkmen topary Özbegistanyň, Bahreýniň we Täjigistanyň milli ýygyndylary bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň