Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Teatr festiwalynda «Iň gowy erkek keşbi üçin» diýen baýrak Nury Halmämmedowyň keşbi üçin berildi

10:1826.05.2022
0
8551
Teatr festiwalynda «Iň gowy erkek keşbi üçin» diýen baýrak Nury Halmämmedowyň keşbi üçin berildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Türkmen teatr sungaty» atly festiwalyň jemi jemlendi.

Festiwalda emin agzalaryň biragyzdan gelen netijelerine laýyklykda, «Iň gowy erkek keşbi üçin» diýen baýraga «Ýürek owazlary» atly sahna eserinde ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň roluny ýerine ýetiren A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň artisti Magtymguly Gurbanow mynasyp boldy.

Magtymguly Gurbanow «Нейтральный Туркменистан» gazetine beren interwýusynda şeýle belleýär: «Teatr — bu durmuş. Bu spektakl meniň durmuşymyň bir bölegine öwrüldi. Festiwallar — tejribe alyşmak, teatr gurnamalaryny we döwrebap tendensiýalary öwrenmek, umuman, dünýägaraýşyňy giňeltmek üçin, şeýle-de adamlaryň ünsüni teatr sungatyna, şäheriň we ýurduň medeni durmuşyna, biziň artistlerimiziň pikirlerini we mümkinçiliklerini görmäge çekmek üçin şertdir.

«Ýürek owazlary» atly sahna eseri kompozitor Nury Halmämmedowyň döredijiligine bagyşlanyp, ýörite teatr festiwaly üçin taýýarlanyldy. Pýesanyň awtorlary — Söhbet Serbazow we Mämmetgurban Mämmetgurbanow, goýujy-režissýory bolsa Bilbil Mämmedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň