Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilligi howa gatnaw petekleriniň satuwyny gaýtadan ýola goýdy

14:1525.05.2022
0
31639

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilligi howa gatnaw petekleriniň satuwyny gaýtadan dikeltdi.

«Häzirki wagtda turkmenistanairlines.ru saýtynda tehniki sazlamalar geçirilýär we ýakyn wagtda ol işläp başlar. Munuň üçin ötünç soraýarys. Petekleri +79119300080 ýa-da +78124599899 telefon belgileri bilen habarlaşyp satyn almak bolýar, şeýle-de avia@itmgroup.ru elektron salgysyna öz maglumatlaryňyzy iberip bilersiňiz. Soňra siziň bilen biziň hünärmenlerimiz habarlaşarlar» – diýip, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Baş wekiliniň VK sosial media beýanatynda habar berilýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 30-njy maýdan Dubaý şäherine (BAE), 1-nji iýundan başlap hem Kazan şäherine yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýar. Kazandan gatnawlar bolsa her hepdäniň çarşenbe güni Türkmenabat şäherine amala aşyrylar.

Türkmenistana uçýan we howa menziline barmazdan ozal Türkmenistandan geçýän ýolagçylar hasaba alynmazdan öň şulara borçludyr:

  • Uçuşdan 48 (kyrk sekiz) sagat öň PCR usuly bilen alynýan COVID-19 üçin negatiw synag netijesini türkmen, rus ýa-da iňlis dillerinde, şeýle hem şonuň bilen ýokanja garşy alnan sanjymyň kepilnamasyny bermeli. Bu resminama bolmasa (PCR synagy) ýolagçynyň uçara münmegine rugsat berilmeýär.
  • Ýörite niýetlenen formany dolduryň (COVID-19 bilen baglanyşykly ýolagçynyň saglyk ýagdaýy we ýerleşýän ýeri). Bu forma uçara münmezden ozal howa menziliniň terminalyndaky gözegçilik stolunda berilýär we ony ýolagçylar iki nusgada doldurýarlar. Formany şu ýerden göçürip alyp bilersiňiz;
  • howa menziliniň terminalynda we uçarda lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynyň (5 ýaşa çenli çagalar demikmek howpy sebäpli agyz-burun örtüklerini ​ulanman bilerler). Agyz-burun örtüklerini her 2 sagatdan çalyşmak maslahat berilýär.

Awiakompaniýa PCR tarapyndan geçirilen synaglardan başga, antitela synaglarynyň netijeleriniň, beýleki synaglaryň netijeleriniň bu maksatlar üçin COVID-19 ýokanjynyň ýokdugyny tassyklamak üçin ulanylyp bilinmejekdigini belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň