Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça dünýä kubogynyň syýahaty BAE-den başlady

13:2521.05.2022
0
4368

Futbol boýunça dünýä çempionaty ― 2022-niň kubogy ozalky dünýä çempionlary ispaniýaly Iker Kasilýas we braziliýaly Kakanyň ellerinde dünýä syýahatyna başlady. Bu barada FIFA-nyň resmi saýty habar berýär.

Bu syýahatyň çäginde dünýäniň iň iri sport baýramçylygynyň baş baýragy alty yklymda 51 döwletde görkeziler. Şol döwletleriň 32-si milli ýygyndysy şu ýyl Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjak döwletlerdir.

Kubogyň 6-njy iýunda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine hem getirilmegine garaşylýar.

FIFA bu däbi 2006-njy ýyldaky dünýä çempionatyndan bäri dowam etdirip gelýär. Bassyr bäş çempionatyň kuboklary mundialdan öň dünýä ýüzüne syýahat etdiler.

2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň kubogy Aşgabatdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde hem görkezilipdi.

FIFA Dünýä çempionaty ― 2030-yň kubogyny agza bolup durýan 211 döwletde görkezmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň