Futbol boýunça Aşgabadyň kubogy: 5-nji tapgyryň netijeleri

21:2316.05.2022
0
3997

Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda futbol boýunça Aşgabadyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň bäşinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, «Altyn asyr» garşydaşy «Ahal-2» toparyny ýeňlişe sezewar edip, ondan 5:0 hasabynda üstün çykmagy başardy. «Aşgabat» bilen «Köpetdagyň» arasynda geçirilen duşuşykda bolsa «Aşgabat» 3:0 hasaby öňe saýlandy.

Türkmenistanyň häzirki çempiony «Altyn asyr» bäş oýunda 13 utuk toplamak bilen birinji orunda barýar. Ikinji orunda 8 utuk bilen «Köpetdag», üçünji orunda 5 utuk bilen «Aşgabat», 1 utuk bilen bolsa «Ahal-2» barýar.

Futbol boýunça Aşgabadyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň altynjy tapgyrynyň duşuşyklary 17-nji maýda geçiriler. Onda «Aşgabat» — «Ahal-2» bilen, «Altyn asyr» bolsa «Köpetdag» duşuşar. Toparlaryň arasynda geçiriljek duşuşyklaryň altynjy tapgyrynyň netijesinde kubok ugrundaky ýaryşyň ikinji finalçysy belli bolar. «Aşgabat» we «Köpetdag» finala çykmak üçin bäsleşer. «Altyn asyr» kubok ugrundaky ýaryşyň finalyna çykmagy başardy.

Belläp geçsek, futbol boýunça Aşgabadyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşa 10-njy maýda badalga berildi. Ýaryşyň düzgünine laýyklykda, toparlar ilki bir aýlawda geçirilýän duşuşyklarda bäsleşerler. Onuň netijesinde ilkinji iki orny eýelän toparlar finalda, üçünji we dördünji orunlary eýelän toparlar bolsa üçünji orny almak ugrunda geçiriljek duşuşyklarda öz güýçlerini synalarlar.

Futbol boýunça Aşgabadyň kubogyny almak ugrundaky ýaryş 18-nji maýda tamamlanar.

Aşgabadyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň 5-nji tapgyrynyň netijeleri:

  • «Köpetdag» — «Aşgabat» — 0:3
  • «Ahal-2» — «Altyn asyr» — 0:5.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň