Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ilkinji finalçysy belli boldy

22:3414.05.2022
0
4429

Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilýän futbol boýunça Aşgabadyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň ilkinji finalçysy belli boldy. Ol «Altyn asyr».

Şu gün futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrundaky ýaryşyň 4-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi.

TFF-niň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, «Altyn asyr» «Aşgabatdan 4:2 hasabynda üstün çykmagy başaran bolsa, «Köpetdag» bilen «Ahal-2-niň» arasynda geçirilen duşuşykda bolsa 4:0 hasabynda «Köpetdag öňe saýlanmagy başardy.

Türkmenistanyň häzirki çempiony «Altyn asyr» dört oýunda 10 utugy toplamagy başardy. Bu bolsa toparyň futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrundaky geçirilýän ýaryşyň finalyna çykmaga mümkinçilik döretdi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary birinji orunda. Ikinji orunda 8 utuk bilen «Köpetdag», üçünji orunda bolsa 2 utuk bilen «Aşgabat» öňde barýar. Ýaryşyň dördünji basgançagynda 1 utuk bilen «Ahal-2» bar.

Belläp geçsek, futbol boýunça Aşgabadyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşlara şu ýylyň 10-njy maýynda badalga berildi. Kubok bäsleşiginiň çäginde toparlar ilki bir aýlawda geçirilýän duşuşyklarda bäsleşerler. Onuň netijesinde ilkinji iki orny eýelän toparlar finalda, üçünji hem-de dördünji orunlary eýelän toparlar bolsa üçünji orun ugrunda geçiriljek duşuşykda güýç synanyşarlar.

Aşgabadyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň bäşinji tapgyry 16-njy maýda geçiriler. Onda onda “Altyn Asyr” – “Ahal II” hem-de “Köpetdag” – “Aşgabat” toparlary duşuşarlar.

Kubok ugrundaky ýaryş 18-nji maýda tamamlanar.

Futbol boýunça Aşgabadyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň 4-nji tapgyrynyň netijeleri:

  • «Aşgabat» — «Altyn asyr» — 2:4
  • «Köpetdag» — «Ahal-2» — 4:0
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň