Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasyny täzelemek boýunça bäsleşik yglan edildi

14:1216.05.2022
0
1042

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň buýurmagynda Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek we oňa döwrebap örtügi düşemek üçin bäsleşik yglan edýär.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänleriň haýyşnamalary 2022-nji ýylyň 27-nji iýunyna çenli kabul ediler.

  • Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.
  • Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň