Myrat Mollaýewiň filmi halkara baýragyna mynasyp boldy, Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik awtobuslarynda bank kartlary bilen töleg geçirmek mümkinçiligi girizildi, türkmen türgenleri Rumyniýada erkin göreş boýunça baýrakly orunlary eýelediler we beýleki hab

10:2016.05.2022
0
37012

1. Režissýor Myrat Mollaýewiň «Hemme zat bolup biler» atly filmi Hindistanda geçirilen Tagore International Film Festival (TIFF) kinofestiwalynda ýeňiji boldy. Bu film aýyň kiçi göwrümli filmi ugry boýunça birinji orna eýe boldy, şeýle hem eminler toparynyň «Outstanding Achievement Award» (Görnükli üstünlikleri üçin) ýörite baýragyna mynasyp boldy.

2. Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik awtobuslarynda ýol tölegini Türkmenistanyň banklarynyň «Altyn asyr» bank kartlary bilen amala aşyrmak ulgamy ýola goýuldy. Tölegiň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin NFC galtaşyksyz töleg ulgamy esasynda işleýän işjeň bank kartynyň bolmagy we onda bir gezeklik ýol töleginiň nyrhyndan az bolmadyk pul serişdeleriniň saklanmagy gerekdir.

3. Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumynyň çäklerinde halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisi gurnaldy. Sergiler merkezinde Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň milli önümleri köpçülige ýetirildi.

4. 2022-nji ýylyň maý aýynyň aýagyna Kerkiden Türkmenbaşa täze howa gatnawy ýola goýlar. Ozal bu şäherleriň arasynda göni howa gatnawy ýokdy. Howa gatnawlary «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan Boeing 737-700 uçarlarynda her hepdäniň duşenbe güni amala aşyrylar.

5. Türkmenistanly türgenler Rumyniýada erkin göreş boýunça harby okuwçylaryň arasynda geçirilen halkara bäsleşiginde baýrakly orunlary eýelediler. Alp Arslan Begenjow 65 kilograma çenli agram derejede altyn medala, Ysmaýyl Muhammedow 55 kilograma çenli agram derejede kümüş medala mynasyp boldy.

6. Hytaý 2023-nji ýylda Futbol boýunça Aziýanyň Kubogy ugrunda çempionaty geçirmekden boýun gaçyrdy. Bu barada Hytaýyň milli futbol federasiýasy Aziýanyň Futbol Konfederasiýasyna habar berdi. Bäsleşik 2023-nji ýylyň 16-njy iýuny – 16-njy iýuly aralygynda Hytaýyň 10 sany şäherinde 24 sany ýygyndynyň gatnaşmagynda geçirilmelidi. Çempionatyň geçiriljek täze ýeri ýakyn günlerde yglan ediler.

7. «Kaýratyň» baş tälimçisi Gurban Berdiýew futbol boýunça Gazagystanyň çempionatynyň 11-nji tapgyrynda «Astana» garşy duşuşykda 0:6 hasabynda ýeňlişden soň hormatly dynç alşa gitmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Berdiýew 2021-nji ýylyň awgustyndan bäri «Kaýrata» tälimçilik edip gelýär. Häzirki wagtda onuň topary 13 utuk bilen Gazagystanyň çempionatynyň 10-njy ornunda barýar.

8. Futbol boýunça Mary welaýatynyň Kubogy ugrunda çempionat badalga aldy. Kubok üçin Türkmenistanyň ýokary ligasynda çykyş edýän «Merw» we «Energetik», şeýle hem 6 sany höwesjeň toparlar – «Olimp», «Murgap», «Hereket», «Ýolöten», «Baýramaly» we «Kuwwat» özara güýç synanyşarlar.

9. «Emirates» özüniň hyzmatlary üçin kriptowalýuta bilen töleg geçirmek mümkinçiligini ýola goýar. Awiakompaniýanyň ýolagçylary petekleri bitkoin arkaly satyn alyp bilerler. Şol maksat bilen, halkara awiakompaniýasy bu ulgamy işläp düzjek hünärmenleriň täze toparyny işe kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň