Turkmenportal logo
15.05.22
53095309
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý 2023-nji ýyldaky Aziýa kubogyny kabul etmekden ýüz öwürdi
Hytaý 2023-nji ýyldaky Aziýa kubogyny kabul etmekden ýüz öwürdi

Hytaý "2023-nji ýyldaky Aziýa kubogyny kabul etmeli däl" diýen karara geldi.


Hytaý ýurtdaky koronawirus bilen bagly çäklendirmeler sebäpli ýaryşy guramakdan ýüz öwürdi.


AFK-nyň beýannamasynda, "Hytaýyň Futbol Assosiasiýasy ýakynda Aziýa Futbol Konfederasiýasyna 2023-nji ýyldaky Aziýa kubogynyň finalyny geçirip bilmejekdigini resmi taýdan habar berdi" diýilýär.


24 topardan ybarat bolan ýaryş, 2023-nji ýylyň 16-njy iýunyndan 16-njy iýuly aralygynda Hytaýyň 10 şäherinde geçirilmelidi. Täze ýer eýesi heniz kesgitlenmedi.

Hytaý 2023-nji ýyldaky Aziýa kubogyny kabul etmekden ýüz öwürdi | Turkmenportal.com