Gurban Berdiýew: «Topardan aýrylmak niýetim ýok»

23:5814.05.2022
0
7504

«Kaýratyň» baş tälimçisi Gurban Berdiýew Gazagystanyň çempionatynyň 11-nji tapgyrynda «Astanadan» 0:6 hasabyndaky agyr utulyşdan soň geçirilen metbugat maslahatynda topardan aýrylmajakdygyny aýtdy.

― Dogry, juda güýçli urgy. Bu ― biziň öwrenişmedik ýagdaýymyz. Hepdäniň dowamynda gowy taýýarlyk gördügem welin, gynansak-da, netije biziň haýrymyza bolmady. Biz ýaş oýunçylar bilen çykyş etdik, olar bolsa garaşylmadyk säwlikleri goýberýärler.

Garşydaşymyz oýunçy çalşygyny geçirýär we olaryň oýny güýçlendýär. Diýmek, deň derejeli 18 futbolçysy bar. Bizdäki oýunçy çalşyklary bolsa oýnuň ykbalyna oňyn täsir edip bilmedi. Öz üstümden hem jogapkärçiligi aýramok, belki, bir ýerde ýalňyş ädim ädendiris.

Her bir tejribeli futbolçy biziň üçin altyna deň. Duşuşyga tejribeli oýunçylarymyzyň birnäçesi gatnaşyp bilmedi. Hudaý halasa, indiki oýunlarymyzda has gowy çykyş ederis.

Bir ýeňliş üçin klubdan aýrylmak barada pikirim ýok.

Gurban Berdiýew 2021-nji ýylyň awgust aýyndan bäri «Kaýrata» tälim berip gelýär. Onuň topary häzir 13 utuk bilen 10-njy orunda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň