Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer M.Mämmedowa käýinç yglan etdi

22:4406.05.2022
0
14413

Hökümetiň şu gün geçirilen sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barylan işler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, milli telewideniýäniň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň hilini gowulandyrmaga berk üns berilmelidir. Gepleşikler jemgyýetde bolup geçýän oňyn özgertmeleri beýan etmelidir. Ýylyň şygaryna laýyklykda, raýatlaryň ykdysadyýeti ösdürmek, halkyň durmuş derejesiniň hilini gowulandyrmak boýunça çekýän tutanýerli zähmetini wasp etmelidir. Şeýle-de, hormatly Prezident halkyň medeni mirasyna degişli desgalaryň kada laýyk saklanmagy bilen baglanyşykly meselelere gözegçiligiň güýçlendirilmelidigini belledi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmedowa Mährijemal Mekandurdyýewna käýinç yglan etdi hem-de ulgamda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere ýarym ýylyň jemleri boýunça serediljekdigini aýtdy.

Habar berşimiz ýaly, şu gün geçirilen Hökümte mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmak boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi we garamagyndaky söwda ulgamynyň edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy, korrupsiýa ýol berlendigi, un, ösümlik ýagy ýaly azyk önümlerini ilata ýerlemekde düzgün bozulmalaryň öňüniň alynmandygy üçin üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň