Söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere soňky gezek berk käýinç yglan edildi

22:2306.05.2022
0
10322

Hökümetiň şu gün geçirilen sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow hasabat bilen çykyş etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlarynda ýol berene kemçiliklerine ünsi çekdi. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmak boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi we garamagyndaky söwda ulgamynyň edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy, korrupsiýa ýol berlendigi, un, ösümlik ýagy ýaly azyk önümlerini ilata ýerlemekde düzgün bozulmalaryň öňüniň alynmandygy üçin üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

«Türkmenportalda» düýn habar berşimiz ýaly, 5-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Baş prokuror B.Atdaýew Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde korrupsiýa hem-de parahorluk bilen bagly ýol berlen jenaýat işleri boýunça geçirilen derňewleriň netijeleri baradaky maglumatlary Döwlet Baştutanyna ýetirdi.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň