Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barylan işleriň jemlerine garaldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şeýle-de käbir guramaçylyk meselelerine seredildi we olar boýunça degişli resminamalara gol çekildi.
