Soňky habarlar

Arhiw

«Real» «Mançester Sitini» ýeňip, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji finalçysy boldy

03:0005.05.2022
0
2669
«Real» «Mançester Sitini» ýeňip, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji finalçysy boldy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda Ispaniýanyň «Realy» Angliýanyň «Mançester Sitisinden» üstün çykdy. Madrid şäherindäki «Santýago Bernabeu» stadionynda geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda tamamlandy.

Şeýlelikde, «Real» ýaryşyň finalynda «Liwerpulyň» garşydaşy boldy.

Duşuşygyň 73-nji minutynda Riýad Marez «şäherlileri» öňde-de çykardy. Ýöne 90-njy minutda deňlik goluny geçiren Rogrigo 2 minutdan ikinji goluny hem getirdi. Umumy hasaby 5:5-e deňleşen duşuşygyň ykbaly goşmaça ýarym sagatlyk wagtda çözüldi.

Goşmaça wagtda 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan fransiýaly hüjümçi Karim Benzema «Realyň» peýdasyna hasaby 6:5-e çykardy. Bu hasap korollyk klubyna ýaryşyň finalyna çykmak üçin ýeterlik boldy.

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 28-nji maýda Fransiýadaky «Stad-de-Frans» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň