Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bill Geýts täze gurama döretmegi teklip etdi

10:1103.05.2022
0
6354

“Microsoft” kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts “Financial Times” neşirine beren beýanatynda täze döräp biläýjek köpçülikleýin ýokançlary öňünden çaklamak boýunça halkara bilermenlerden ybarat täze guramanyň gerekdigini nygtady.

Milliarderiň pikirine görä, täze guramada dürli hünärmenler— epidemiologlardan başlap tehnologiýalary işläp düzüjilere çenli işlemeli we ony Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy dolandyrmaly. Ol munuň üçin has köp maýa goýumlary çekmegiň wajypdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Öň Geýtsiň “Indiki ýokanjyň nädip öňüni almaly” diýen at bilen kitap ýazandygy belli boldy, kitap maýda çapdan çykmaly. Onda milliarder indiki döräp biläýjek ýokançlaryň nädip öňüni almalydygyny gürrüň berýär. Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň