Soňky habarlar

Arhiw

«Şabab Al-Ahli» bilen «Fulad» deňme-deň oýnady, iki topar hem 1/8 finalda

06:1527.04.2022
0
3713

Jidda şäherindäki Şazada Abdulla Al-Faýsalyň adyny göterýän stadionda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 6-njy tapgyrynyň çäginde «Şabab Al-Ahli» bilen «Fulad» duşuşdy. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Duşuşygyň 71-nji minudynda braziliýaly hüjümçi Çimba «Fulady» hasapda öňe çykaran hem bolsa, 82-nji minutda BAE-niň topary Ýahýa Al-Gassaniniň goly bilen hasaby deňledi.

Bu netijeden soňra, «Fulad» bilen «Şabab Al-Ahli» ýaryşyň 1/8 finalyna çykdy. Toparçada «Al-Garafa» üçünji, «Ahal» dördünji orny eýeledi.

1/8 finalyň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 3-nji ýa 4-nji fewralynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň