Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putine gutlag ýollady

23:5423.04.2022
0
7180

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow rus käredeşi Wladimir Putine Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmegine 20 ýyl dolmagy mynasybetli gutlag ýollady.

Türkmen Lideriniň hatynda, hususan-da, şeýle ýazylýar:

«Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we ýurduňyzyň ähli dostlukly halkyna Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmegine 20 ýyl dolmagy mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy ibermegi hormat saýýaryn.

Geçen döwür Şertnamanyň diňe bir biziň halklarymyzyň dostlugynyň we hoşniýetli goňşuçylygynyň taryhy däplerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, ikitaraplaýyn gatnaşyklary durnukly ösdürmek üçin hem pugta hukuk binýadyny döredýändigini aýdyň görkezýär.

Şertnamada göz öňünde tutulan mümkinçilikleriň amala aşyrylmagynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Sözümiň ahyrynda, hormatly Wladimir Wladimirowiç, Size berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işiňizde üstünlik Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa, öňe gidişlik hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin!».

«Türkmenportal» habarlar portalymyzda habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny ýollady.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň