Soňky habarlar

Arhiw

Putin Serdar Berdimuhamedowy Dostluk we Hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekilmeginiň 20 ýyllygy bilen gutlady

22:2523.04.2022
0
11322

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Dostluk we Hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekilmeginiň 20 ýyllygy bilen gutlady. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň resmi web saýtynda habar berilýär.

Wladimir Putin gutlag hatynda:
«Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Şanly sene — biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky Dostluk we Hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

2002-nji ýyldaky şertnama Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň häzirki döwrüniň başlangyjy boldy. Bu möhüm resminama gol çekilmegi, köpugurly gepleşikleriň we özara gatnaşyklaryň hil taýdan ýokarlanmagy üçin şert döretdi.

Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn. Bu hakykat, halklarymyzyň esasy bähbitlerine laýyk gelýär we Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün edýär.

Türkmenistanyň ähli halkyna we Size berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde üstünlik, abadançylyk arzuw edýärin!» diýip, belläp geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň