Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan halkara ylmy duşuşyk geçirildi

23:0119.04.2022
0
7172

Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Onuň baş maksady taryhy we medeni ýadygärlikleri öwrenmek, gorap saklamak hem-de rejelemek babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekden we tejribe alyşmakdan ybaratdyr. Bu ugurda ýurdumyz uly üstünlikleri gazandy ― diýip, türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşiginde aýdylýar.

Çärä ýurdumyzyň taryhçy alymlary, arheologlary, sungaty öwrenijileri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary bilen bir hatarda, olaryň daşary ýurtly kärdeşleri, şol sanda dünýäniň iri ylmy we medeni merkezleriniň ýolbaşçylary, esasy ylmy işgärleridir bilermenleri gatnaşdylar. Olaryň aglabasy türkmen alymlary bilen bilelikde ýurdumyzdaky ýadygärliklerde geçirilen arheologik barlag-gözleg işlerine gatnaşan hünärmenlerdir.

Dabarada 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna üns çekilip, onuň amala aşyrylmagynyň türkmen halkynyň gadymy taryhyny we baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny mundan beýläk-de ylmy taýdan öwrenmäge, geljek nesiller üçin gorap saklamaga hem-de dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam berjekdigi bellenildi. Resminamada göz öňünde tutulan çäreler Diýarymyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerine, gözel künjeklerine daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň syýahatçylaryny çekmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, täze maksatnamanyň baş maksadynyň diňe bir milli mirasy gorap saklamakdan däl-de, eýsem, onuň ösdürilmegine goşmaça itergi bermekden ybaratdygy hem nygtaldy.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, kabul edilen maksatnamanyň çäklerinde milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini hasaba almak we pasportlaşdyrmak, olary Döwlet sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Bu sanawyň taýýarlanylmagy “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň ýygyndysy” atly köp jiltli kitaby döretmek üçin ädilen ilkinji ädimdir. Neşiriň birinji jilti 2028-nji ýylda çap edilip, bar bolan ähli maglumatlary, degişli suratlary, çyzgylary we kartalary özünde jemlär. Şeýle giň möçberli iş Türkmenistanda ilkinji gezek amala aşyrylar.

Türkmenistanda halkara, toplumlaýyn arheologik toparlaryň birnäçesi işleýär. Şolaryň ylmy gözlegleriniň netijeleri “Türkmenistanyň gadymyýeti: ýadygärliklerdäki ylmy-barlag we rejeleýiş işleri” atly neşirde çap edildi. Şu gün ylmy makalalaryň bu ýygyndysy halkara duşuşyga gatnaşyjylara ilkinji gezek görkezildi.

Tanyşdyrylyşda kitaba Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hem-de rejelemek boýunça 10 ýylyň dowamynda (2011 — 2021-nji ýyllar) arheologik ekspedisiýalara we taslamalara gatnaşan hünärmenleriň makalalarynyň girizilendigi bellenildi. Olar, esasan, agzalan döwürde geçirilen meýdan ylmy-barlag hem-de rejeleýiş işleriniň netijeleri barada maglumat berýän ylmy hasabatlardyr. Neşirde Türkmenistanyň eneolit döwründen orta asyrlara çenli maddy medeni mirasy giňişleýin beýan edilýär.

Şol makalalaryň awtorlarynyň köpüsi halkara ylmy duşuşygyň umumy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdiler. Mejlis Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerinde geçirilen arheologik gazuw işlerine bagyşlanan wideoşekilleriň görkezilmegi bilen açyldy.

Ilki bilen, Turin şäheriniň arheologik gazuw-barlaglar merkeziniň professory, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Karlo Lippolisiň “Köne Nysaý galasynyň suw üpjünçilik ulgamy” atly çykyşy diňlenildi. Fransiýanyň Tebigat taryhynyň milli muzeýiniň uly ylmy işgäri, arheologiýa we antropologiýa ylymlarynyň doktory Bendezu-Sarmiýento Ulugdepe ýadygärliginde türkmen-fransuz ekspedisiýasy tarapyndan edilen täze açyşlar barada gürrüň berdi.

London uniwersitetiniň professory, ÝUNESKO-nyň Ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak baradaky halkara geňeşiniň bilermeni Tim Wilýams Gadymy Merwiň ýadygärliklerini öwrenmek we gorap saklamak boýunça ylmy barlaglary barada durup geçdi.

Medeni gymmatlyklar boýunça bilermen, taryh ylymlarynyň kandidaty Alekseý Petruşkewiçiň çykyşy ýadygärlikleri rejelemek babatda türkmen-rus gatnaşyklaryna bagyşlandy.

Duşuşygyň dowamynda J.Waşington uniwersitetiniň doktory Linni Rouzyň, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa institutynyň direktory, taryh ylymlarynyň doktory Dmitriý Funkuň, şol institutyň professory, antropolog Nadežda Dubowanyň, Bolonýa uniwersitetiniň (Italiýa) professory Barbara Çerazettiniň çykyşlary diňlenildi.

Plenar mejlisde orta asyrlardaky Abiwerdiň binagärligine, Daňdanakan galasynyň çäklerinde gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde açylan Juma metjidine bagyşlanan çykyşlara üns berildi. Alymlaryň çykyşlarynda ýadygärlikleri gorap saklamaga ýardam berýän iň täze tehnologiýalary we enjamlary, şol sanda kartografiýalary, desgalaryň 3D nusgalaryny döretmek babatda häzirki zaman barlag usullaryny ulanmak meselelerine deglip geçildi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň arheologik obýektlerini goramak we gazuw-barlag işlerini geçirmek boýunça tejribe alyşdylar, halkara arheologik hyzmatdaşlyga degişli taryhy maglumatlary getirdiler. Şunda häzirki wagtda Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanylýan arheologik tapyndylar ýaly muzeý gymmatlyklarynyň dünýäniň köp muzeýlerinde ýokdugy nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň, Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda ýeten belent sepgitlerini wagyz etmegiň ähmiýeti bellenildi. Dünýäniň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we gorap saklamak boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygy nygtaldy. Türkmen topragyndaky ýadygärliklerdir tapyndylar bu taryhy-medeni mirasyň aýrylmaz bölegidir.

Türkmenistanyň ÝUNESKO ýaly abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygyň baý tejribesini toplandygy aýdyldy. Çykyş edenler bu hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak işinde öňegidişlikleri gazanmaga ýardam berjekdigini bellediler.

Duşuşyga gatnaşyjylar we myhmanlar Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde guralan sergi bilen tanyşdylar. Sergide taryhy hem-de medeni ýadygärliklerde halkara we milli arheologik ekspedisiýalaryň geçiren gazuw-barlag işlerinde ýüze çykarylan tapyndylar görkezildi. Olar Diýarymyzda taryhy-medeni mirasy öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler, bu ugurda gazanylan üstünlikler barada habar berýär.

Günüň ikinji ýarymynda “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk dört bölümde işini dowam etdi. Olaryň mejlisleri Türkmen döwlet medeniýet institutynda, Döwlet çeperçilik akademiýasynda, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynda geçirildi.

Olara gatnaşyjylar Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini öwrenmekde hem-de gorap saklamakda gazanylan üstünliklere, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde milli taryhy-medeni mirasyň eýeleýän ornuna, ýurdumyzda syýahatçylygy, taryh ylmyny ösdürmekde taryhy-medeni ýadygärlikleriň ähmiýetine bagyşlanan çykyşlary diňlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň