Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda uzak aralyga atly ýöriş geçirildi

22:0319.04.2022
0
7429

Şu gün her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli çerelere badalga berildi. Şolaryň çäklerinde şu gün uzak aralyga atly ýöriş geçirildi.

Aşgabat – Mary ýolunyň kesgitlenen böleginde 60 kilometr menzili geçmek ugrunda badalga berlen ýaryşa Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, Milli atly sport merkeziniň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Goranmak ministrliginiň atlary, jemi 20 sany saýlama bedewler gatnaşdylar.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli uzak aralyga guralan atly ýörişiň netijeleri jemlenende şeýle görkezijiler yglan edildi. Pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Meşgur diýen at gelmegi başardy, ol bellenen aralygy 2 sagat 41 minut 58 sekuntda geçdi. Pellehana ikinji bolup gelen Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Garaduman diýen bedewi bellenen aralygy 2 sagat 42 minut 23 sekuntda geçmegi başardy. Pellehanadan üçünji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Gaýduw diýen bedewi geçmegiň hötdesinden geldi, ol bellenen 60 kilometr aralygy 2 sagat 44 minut 46 sekuntda geçmegi başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň