Ýagşymyradow bilen Karwalýo Bellator 277 ýaryşyndan öň «nazarlaryň duelini» geçirdiler

12:1115.04.2022
0
37539
Ýagşymyradow bilen Karwalýo Bellator 277 ýaryşyndan öň «nazarlaryň duelini» geçirdiler
Surat: Bellator MMA

Garyşyk söweş sungatynyň ussat türgeni, türkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradow we braziliýaly türgen Rafaýel Karwalýo 16-njy aprelde ABŞ-da geçiriljek tutluşygyň öňüsyrasynda «nazarlaryň duelini» geçirdiler. Bu tutluşyk San-Hose şäherindäki «SAP center» meýdançasynda bolar.

Şunuň bilen birlikde tutluşykdan öňki agram çekilişik çäresi hem üstünlikli geçdi. D.Ýagşymyradow 93,1 kg agram derejesini görkezip, ýarym agyr agram derejesinde çykyş eder.

Bellator 277 ýaryşyna «Setanta Sports» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bilersiňiz. Teleýaýlym «Älem TV» sputnik telewideniýesinde hem elýeterlidir. Bellator 277 ýaryş gününiň deslapky tutluşyklarynyň hatarynda boljak Ýagşymyradow bilen Karwalýonyň arasyndaky tutluşyk Bellatoryň YouTube platformasyndaky resmi kanaly arkaly hem tomaşaçylara hödürlener.

Belläp geçsek, Ýagşymyradow degişli ýaryşda eýýäm iki gezek — Kori Andersondan we Karl Albrektssondan ýeňlipdi. Tutluşyklaryň ikisini hem türgen 2021-nji ýylda geçirdi.

32 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow Bellator promowşny bilen 2020-nji ýylyň dekabrynda şertnama baglaşdy. Ol bu ýaryşda çykyş edýän ilkinji türkmen türgenidir. Ýagşymyradowyň garyşyk söwetş sungatynda häzire çenli çykyş eden ýaryşlarynda 18 gezek ýeňip, 7 gezek ýeňlişe sezewar boldy, şeýle-de 1 tutluşygy deňme-deňlikde tamamlady. Indiki geçiriljek ýaryş bolsa onuň Bellatordaky üçünji tutluşygy bolar.

Rafaýel Karwalýo bolsa 10 ýyllyk sport ýolundaky çykyş eden ýaryşlarynda 22 tutluşyk geçirip, 16 gezek ýeňiş gazandy we 6 gezek ýeňildi. 2014-nji ýyldan bäri türgen Bellatorda çykyş edip gelýär we bu ýaryşlarda ýarym agyr agramda ýeňijilik kemerini gazanmagy hem başardy, soň bolsa UFC-niň öňki türgeni Gerardu Musasiden ýeňildi.

Bellator 277 ýaryşynyň esasy, ýeňijilik kemeri ugrundaky tutluşygy russiýaly Wadim Nemkow bilen amerikaly Kori Andersonyň arasynda bolar. Tutluşykda ýeňiş gazanan türgen 1 million ABŞ dollaryna eýe bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň