Soňky habarlar

Arhiw

Futzal boýunça Aziýa kubogynyň saýlama tapgyrynyň petekleri satlyga çykdy

17:4609.04.2022
0
4699

Futzal boýunça Aziýa kubogy ― 2022-niň Bişkek şäherinde geçiriljek saýlama duşuşyklary üçin giriş petekleri satlyga çykdy. Saýlama tapgyryň duşuşyklary 10 ― 12-nji aprel aralygynda geçiriler.

Yklym ýaryşyna dört ýollanma üçin 8 topar iki toparçada ýaryşarlar. Ähli duşuşyklar Bişkek şäherindäki «Gazprom» sport toplumynda geçiriler.

Janköýerler duşuşygyň giriş peteklerini diňe iTicket resmi saýtyndan satyn alyp bilerler.

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy «A» toparçada ýaryşar. Türkmen futzalçylary 10-njy aprelde ýer eýeleri ― Gyrgyzystanyň ýygyndysy, 11-nji aprelde Aziýanyň 12 gezek çempiony Eýranyň ýygyndysy we 12-nji aprelde Maldiwleriň ýygyndysy bilen duuşuşar. Toparçada iň güýçli iki ýygyndy yklym ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

«B» toparçada Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň we Nepalyň ýygyndylarynyň ýaryşýandygyny ýatladýarys.

Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa yklymyň iň güýçli 16 ýygyndysy gatnaşar. Ýaryşyň final tapgyry 25-nji sentýabr ― 20-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriler.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň duşuşyklaryny geçirjek wagtlary (Aşgabat wagty bilen görkezilen):

10-njy aprel, Bişkek, «Gazprom» sport toplumy:

19:00. Gyrgyzystan ― Türkmenistan.

11-nji aprel, Bişkek («Gazprom» sport toplumy):

16:00, Türkmenistan ― Eýran.

12-nji aprel, Bişkek («Gazprom» sport toplumy):

16:00, Türkmenistan ― Maldiwler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň